Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň wekilleri sişenbe güni Aşgabatda geçirilen tehniki seminarda dokma senagatyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlaryna garadylar. Çäre Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi hem-de Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilelikde guraldy. Bu barada “nCa” habarlar agentligi çarşenbe güni habar berdi.
Seminara iki ýurduň döwlet edaralarynyň, pudaklaýyn kärhanalarynyň we bilermenler toparlarynyň wekilleri gatnaşdy. Gatnaşyjylar dokma önümçiliginde häzirki zaman tehnologiýalarynyň orny we bu ugurdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýeti barada durup geçdiler.
Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Li Won Je iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini nygtap, muny ykdysady hyzmatdaşlygyň giňelmegi bilen baglanyşdyrdy. Şeýle hem ol Türkmenistanda durmuşa geçirilýän bilelikdäki senagat taslamalarynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Seminarda önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrýan döwrebap tehnologiýalar, täze häsiýetli funksional matalar, üpjünçilik zynjyrlaryny kämilleşdirmek hem-de önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Koreýaly bilermenler dokma pudagyny ösdürmekde we ylmy-barlag institutlarynyň işinde toplan tejribeleri bilen paýlaşdylar. Şeýle hem olar Senagat tehnologiýalary institutynyň (KITECH) tejribesi hem-de onuň dokma senagatyny ösdürmekdäki ornuny tanyşdyrdylar.
Seminaryň gün tertibinde egin-eşik dizaýnynda sanly tehnologiýalary we emeli aňy ulanmak meselesi hem möhüm orun eýeledi. Hususan-da, türkmen milli nagyşlaryny häzirki zaman moda ugurlary bilen utgaşdyrýan täze kolleksiýalary taýýarlamak meselesine garaldy.
Seminaryň jemleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, tejribe alyşmagy giňeltmäge hem-de iki ýurduň degişli kärhanalarynyň arasynda göni gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

















