Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow Malaýziýanyň Patyşalyk Gümrük müdirýetiniň baş direktory Dato Haji Amran bin Haji Ahmad bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşik sişenbe güni Putrajaý şäherindäki Patyşalyk Gümrük müdiriýetiniň baş edarasynda geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasynyň ikinji sekretary Agamuhammet Sähedow hem gatnaşdy. Bu barada Malaýziýanyň Patyşalyk Gümrük müdirligi özüniň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwdany ösdürmek, gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we döwletara gatnaşyklary berkitmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Malaýziýanyň Patyşalyk Gümrük müdirliginiň baş direktory edaranyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy, ilkinji nobatda, söwda we gümrük dolandyryşy ugurlarynda giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Türkmenistan bilen Malaýziýa diplomatik gatnaşyklaryny 1992-nji ýylda ýola goýdylar .Şol wagtdan bäri söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika hem-de bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürip gelýärler. Gepleşikler Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky dostlukly we işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berdi.

















