Türkmen dizaýneri Göwher Pirkuliýewanyň "Gowher Gouvernet" brendi Morokkanyň Tanger şäherinde geçirilen "Tanger Fashion Week 2026" halkara moda çäresine gatnaşyp, öz lybaslar toplumyny hödürledi. Bu barada çäräniň sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berildi.
“Tanger Fashion Week 2026” 20-nji iýunda Fairmont Tazi Palace (“Tanger” köşgünde) geçirilip, dürli ýurtlardan dizaýnerleri, moda pudagynyň wekillerini, metbugat işgärlerini hem-de satyn alyjylary bir ýere jemledi. Guramaçylaryň bellemegine görä, moda hepdeligi Tanger şäherini Ortaýer deňzi sebitinde moda, döredijilik we medeni senagatlaryň ösüp gelýän merkezleriniň biri hökmünde öňe çykarmagy maksat edinýär.

Dizaýner zenan öz kolleksiýalarynda türkmen milli lybaslaryna mahsus nagyşlary, bezegleri we dokmaçylyk däplerini häzirki zaman modasy bilen utgaşdyrýar. Onuň işleri milli mirasyň nusgalaryny saklamak bilen bir hatarda, halkara moda bazarynyň talaplaryna laýyk gelýän döwrebap görnüşleri hem öz içine alýar. Onuň kolleksiýalary soňky ýyllarda Ýewropada we Ýakyn Gündogarda geçirilen birnäçe moda çäresinde görkezildi.
Göwher soňky ýyllarda Parižde geçirilen “Haute Couture Week”, Azerbaýjandaky “Oriental Fashion Show” we ÝUNESKO-nyň Pariždäki baş edarasynda geçirilen medeni çärelerde öz kolleksiýalaryny tanyşdyrdy. Şeýle hem dizaýner 2026-njy ýylda Marokkoda geçirilen “Maroc Fashion Week” moda hepdeligine gatnaşyp, öz işlerini halkara tomaşaçylaryna görkezdi.
Geçen ýylda geçirilen “Tanger Fashion Week 2025” moda hepdeligine Marokko, Gazagystan, Tunis, Palestina we Italiýadan gelen dizaýnerler gatnaşdy. Çäräniň dowamynda Mina Binebine, Zoubida Sbai, Salma Atiar, Sabina Volskaya, Regalia by Hind Berrada we Amina Benzekri ýaly dizaýnerler öz kolleksiýalaryny görkezdi. Şeýle hem Vivienne Westwood, Chopard we Caroline’s Couture ýaly meşhur moda öýleri hem-de brendleri çäräniň hormatly myhmanlarynyň hatarynda çykyş etdi.






32444-495x4352.jpeg)










