Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tanä Ras Laffan senagat zolagynda ýerleşýän, tebigy gazy gaýtadan işleýän zawodda bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz şu kynçylykly pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Kataryň Içeri işler ministrliginiň habar bermegine görä, partlama 21-nji iýunda agşam Ras Laffan senagat zolagynda ýerleşýän Barzan tebigy gazy gaýtadan işleýiş zawodynda bolup geçdi.
“KatarEnergy” kompaniýasynyň ýolbaşçysy, energetika meseleleri boýunça döwlet ministri Saad bin Şarida Al-Kaabiniň habar bermegine görä, hadysa netijesinde 13 adam heläk boldy, 66 adam bolsa şikes aldy.

















