Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa penşenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Szi Şumin, Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky ilçisi Rana Abu Hijleh hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Hytaýyň ilçisi bilen geçirilen duşuşykda taraplar ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygy, aýratyn-da çagalaryň saglygyny goramak babatda gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem geçen ýylyň awgustynda gaznanyň wekiliýetiniň Pekine amala aşyran saparynyň hem-de onuň çäklerinde gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşykda şu ýylyň aprelinde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň Türkmenistana bolan saparynyň ähmiýeti nygtalyp, gaznanyň hytaýly hyzmatdaşlaryň netijeli tekliplerine seretmäge taýýardygy tassyklandy. Taraplar çagalaryň saglygyny goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Palestinanyň ilçisi Rana Abu Hijleh bilen geçirilen gepleşiklerde Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň dostlukly gatnaşyklary hem-de haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer işi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilçi Palestinanyň halkyna iberilen ynsanperwerlik kömegi üçin türkmen ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirip, gaznanyň alyp barýan işlerine ýokary baha berdi.
Oguljahan Atabaýewa gaznanyň halkara ynsanperwer başlangyçlaryna aýratyn ähmiýet berýändigini nygtap, bu ugurdaky işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy. Şeýle hem ol geçen ýylyň dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara maslahata gatnaşandygy üçin ilçä hoşallyk bildirdi.
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan bilen geçirilen duşuşykda köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeleri we Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek boýunça bilelikdäki işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Oguljahan Atabaýewa gaznanyň howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk we durmuş hyzmatlaryny bermek boýunça alyp barýan işlerini beýan etdi, Narine Saakýan bolsa bu başlangyçlara ýokary baha berip, hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşyklaryň jemleri boýunça taraplar ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Şeýle hem şol gün gaznanyň ştab-kwartirasynda gazna bilen Türkiýäniň “Gap Inşaat Ýatyrym Diş Ticaret A.Ş.” kompaniýasynyň arasynda Arkadag şäherinde mekdebi döwrebaplaşdyrmak, sport we bedenterbiýe toplumyny hem-de 320 orunlyk çagalar bagyny gurmak barada şertnama gol çekildi.

















