Türkmen wekiliýeti Türkiýäniň işewür toparlary bilen söwda gatnaşyklaryny berkidýär

BT
Türkmen wekiliýeti Türkiýäniň işewür toparlary bilen söwda gatnaşyklaryny berkidýär
Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy, 26-27-nji iýun, Stambul, Türkiýe (Surat: www.istib.org.tr)

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 26–27-nji iýunda Stambula amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkiýäniň öňdebaryjy işewür birleşikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmen wekiliýeti 27-nji iýunda Türkiýäniň Söwda edaralary we haryt biržalary birleşiginiň ilkinji wise-prezidenti Ali Kopuz bilen gepleşik geçirdi. Şol gün Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş sekretary Adem Kula bilen hem duşuşdy.

Duşuşyklaryň dowamynda taraplar türki döwletleriň çäklerinde köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň, iki ýurduň söwda-senagat düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de özara haryt dolanyşygynyň ösüşi üçin amatly şertleri döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem söwdany ösdürmegiň, senagat kooperasiýasyny giňeltmegiň we durnukly önümçilik-logistika zynjyrlaryny kemala getirmegiň möhümdigini aýratyn bellediler.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmäge, şeýle hem täze bilelikdäki maýa goýum we önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

2022