Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory Eiji Hosoini kabul etdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen ýapon kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Eiji Hosoi wagt tapyp kabul edendigi üçin Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan Türkmenistanda gazanylýan üstünliklere örän buýsanýandygyny belledi. Şeýle hem ol Serdar Berdimuhamedowy Arkadag şäheriniň döredilmeginiň üç ýyllygy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy bolsa doglan güni mynasybetli gutlady.
Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, onuň ýurdumyza amala aşyrýan şu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen "Toyo Engineering" kompaniýasynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon kompaniýalary Türkmenistanyň gaz we himiýa senagatynda birnäçe taslamalary durmuşa geçirdiler. "Toyo Engineering" kompaniýasynyň gatnaşmagynda hem Gyýanlyda ägirt uly gazhimiýa desgasynyň — polimer zawodynyň gurlup ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Bu zawod 2013-nji ýylda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Koreýa Respublikasynyň “LG International Corp”, “Hyundai Engineering” we Ýaponiýanyň “Toyo Engineering Corporation” kompaniýalarynyň arasynda baglaşylan, umumy bahasy 3,4 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan ylalaşygyň esasynda guruldy. Zawod 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga berildi we ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işläp, 386 müň tonna ýokary dykyzlykdaky polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürmäge ukyplydyr.
Döwlet Baştutany geljekde hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, ýurdumyzyň kompaniýanyň nebitgaz we himiýa senagaty boýunça tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady. Işewür bildirilýän ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de kompaniýanyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

















