Türkmenistanyň Prezidenti "Kawasaki Heavy Industries Ltd." kompaniýasynyň wise-prezidentini kabul etdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti "Kawasaki Heavy Industries Ltd." kompaniýasynyň wise-prezidentini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň "Kawasaki Heavy Industries Ltd." kompaniýasynyň wise-prezidenti Kenji Sanada bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 29-njy iýuny, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen "Kawasaki Heavy Industries Ltd." kompaniýasynyň wise-prezidenti Kenji Sanadany kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň başynda Kenji Sanada wagt tapyp kabul edendigi üçin Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi. Şeýle hem ol Prezident Serdar Berdimuhamedowy we Milli Lideri Arkadag şäheriniň üç ýyllygy bilen gutlady.

Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen gatnaşyklarynyň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedigini belledi. Şeýle hem ýapon kompaniýalarynyň ýurduň gaz we himiýa senagatynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge goşýan goşandyny aýratyn nygtady."Kawasaki Heavy Industries Ltd." kompaniýasy bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Kenji Sanada Türkmenistan bilen birnäçe bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilendigini, olaryň hatarynda Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň we Mary welaýatynda karbamid zawodynyň bardygyny aýtdy. Şeýle hem kompaniýanyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary hilli ýerine ýetirmegi dowam etdirjekdigini belledi.

“Türkmengaz” döwlet konserni we Ýaponiýanyň "Kawasaki Heavy Industries, LTD" kompaniýasynyň bilelikdäki taslamalarynyň bir bolan dünýäde ilkinji gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän zawody 2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda gurlup ulanylmaga berildi. Şeýle hem, “Marykarbamid” zawody “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Kawasaki Plant Sistems Ltd”-niň amala aşyran iri taslamalarynyň biri bolup, ol 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga berildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022