Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşigiň esasy maksady programma üpjünçiligini işläp düzýän hem-de innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Bäsleşik emeli aň, robototehnika we awtomatizasiýa, sanly lukmançylyk, bilim we elektron okuw, “akylly” şäherler, “akylly” oba hojalyk tehnologiýalary, hyzmatlar ulgamy ugurlary boýunça geçiriler. Bäsleşigiň netijeleri “Türkmentel — 2026” halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň çäklerinde jemlener.
Şeýle hem bäsleşikde hödürlenjek taslamalary ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça işlerde hem-de milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda önümçilige ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurtda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny hem-de ýaşlaryň bu ugurda geçirilýän innowasion taslamalar bäsleşigine işjeň gatnaşýandygyny belledi. Şeýle hem ol “Sanly çözgüt — 2026” innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmek baradaky teklibi makullap, Wise-premýere degişli taýýarlyk işlerini geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

















