Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 100,2 milliard manada golaýlady

BT
Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 100,2 milliard manada golaýlady
Türkmenistanyň Merkezi banky, Bitarap Türkmenistan şaýoly, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2026-njy ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna kärhanalara, guramalara hem-de ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndysynyň umumy möçberi 100 milliard 198,58 million manada ýetdi. 2025-nji ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 89 milliard 774,2 million manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.

2026-njy ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 45 milliard 937,72 million manada deň boldy. 2025-nji ýylyň degişli senesine çenli bu görkeziji 47 milliard 138,6 million manady düzdi.

Şeýle hem, 2026-njy ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 20 milliard 610 million manada barabar boldy. 2025-nji ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 15 milliard 281 million manada ýetdi.

Hasabat döwründe raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 33 milliard 650 million manada deň boldy. 2025-nji ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 27 milliard 354,5 million manada ýetdi.

2022