Ýanwar-iýun: Türkmenistanda 18,6 milliard manatdan gowrak maýa goýum özleşdirildi

BT
Ýanwar-iýun: Türkmenistanda 18,6 milliard manatdan gowrak maýa goýum özleşdirildi
Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni şu ýylyň ilkinji alty aýynyň jemleri boýunça geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurtda 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda 18 milliard 600 million manatdan gowrak düýpli maýa goýum özleşdirilendigini kanagatlanma bilen belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Mejlisde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow şu ýylyň birinji ýarymynda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlaryň görkezijileri, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Onuň bellemegine görä, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,3 göterim artdy we ol jemi içerki önümiň 16,5 göterimine deň boldy.

Şeýle hem, maýa goýumlaryň 45,1 göterimi önümçilik, 54,9 göterimi bolsa durmuş we medeni maksatly desgalara gönükdirildi. Şeýle hem ýylyň birinji ýarymynda ýurduň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda umumy meýdany 309 müň inedördül metre barabar ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň jemi içerki önümi 6,3 göterim, jemi öndürilen önümiň möçberi bolsa 10,4 göterim artdy. Ösüş depgini senagatda 2,7 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 8,5 göterime, oba hojalygynda 2 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Bölek satuw haryt dolanyşygy 10,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy 7,5 göterim ýokarlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda özgertmeleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Ol salgyt ulgamyny ösdürmegiň, salgytlaryň doly we öz wagtynda tölenmegini üpjün etmegiň, býujet serişdeleriniň maksadalaýyk peýdalanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmegiň hem-de geljek ýylyň Döwlet býujetini öz wagtynda taýýarlamagyň zerurlygyny nygtady.

Şeýle-de, Döwlet Baştutany milli manadyň hümmetini durnukly saklamak, ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlary artdyrmak, bank ulgamyny kämilleşdirmek, sanly hyzmatlary giňeltmek we halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek boýunça tabşyryklary berdi.

2022