Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow duşenbe güni Indoneziýa Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Indoneziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Muhammad Anis Matta bilen duşuşyp, “Merkezi Aziýa + ASEAN” dialog görnüşini döretmek baradaky başlangyjyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi sişenbe güni habar berdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-indoneziýa hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri, şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berlip, yzygiderli syýasy geňeşmeleriň döwletara dialogy pugtalandyrmagyň netijeli mehanizmleriniň biri bolup durýandygy bellenildi.
Taraplar BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygy we halkara başlangyçlaryny özara goldamagy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Şeýle hem Türkmenistanyň Günorta-Gündogar Aziýa döwletleri assosiasiýasy (ASEAN) bilen gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Duşuşykda özara söwdanyň möçberini artdyrmak, maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine hem garaldy. Mundan başga-da, bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.
Şeýle-de, Ahmet Gurbanow Indoneziýa saparynyň çäklerinde sişenbe güni ASEAN-yň Baş sekretary doktor Kao Kim Hurn bilen hem duşuşdy. ASEAN-yň resmi X sahypasynda habar berlişi ýaly, duşuşyk ASEAN-yň baş binasynda geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ASEAN bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.

















