Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýany milli baýramy bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýany milli baýramy bilen gutlady
Bastiliýa güni mynasybetli geçirilýän harby ýörişden bir pursat, 2022-nji ýylyň 14-nji iýuly, Pariž, Fransiýa (Surat: Fransiýanyň Los-Anjelesdaky konsullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona hem-de ýurduň ähli halkyna Fransiýanyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutany Prezident Emmanuel Makrona berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Fransiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw etdi.

Bastiliýanyň eýelenen güni her ýylyň 14-nji iýulynda bellenilýär. 1789-njy ýylyň 14-nji iýulynda Bastiliýa galasynyň eýelenmegi Beýik fransuz rewolýusiýasynyň başlangyjy hasaplanýar.

Şol gün Fransiýanyň ähli künjeklerinde dabaraly çäreler geçirilýär. Olaryň hatarynda Pariždäki Ýeliseý meýdançasynda guralýan däp bolan harby ýöriş, baýramçylyk feýerwerkleri we köpçülikleýin baýramçylyk çäreleri bar.

2022