Türkmen-özbek syýasy geňeşmelerinde hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi

BT
Türkmen-özbek syýasy geňeşmelerinde hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri, Aşgabat, Türkmenistan, 2026-nji ýylyň 14-nji iýuly (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Türkmenistanyň DIM-de sişenbe güni iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirilip, onda iki ýurduň hökümetiniň arasynda halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, özbek wekiliýetine bolsa Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow ýolbaşçylyk etdi. Taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklary, şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň, YHG-nyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Geňeşmeleriň dowamynda özara söwdany diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek we logistika infrastrukturasyny kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem senagat, oba hojalygy, energetika we sanly ykdysadyýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtadylar. Hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň esasy şertiniň bolsa ýokary derejedäki özara saparlar, duşuşyklar we gepleşikler bolup durýandygy aýratyn bellenildi.

Şol gün döwletara hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny düýpli pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027–2028-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasy bar.

2022
ENG TM РУС