Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň arasynda geçirilen ikiçäk duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, şol sanda ulag-logistika, ykdysady we beýleki ulgamlardaky gatnaşyklaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada "Türkmenistan" gazeti anna güni habar berdi.
Dostlukly ýurduň Hökümet binasynda açyklyk, birek-birege düşünişmek we özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň dowamynda taraplar häzirki ýagdaýlary we geljegi nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti syýasy-diplomatik ugurda, halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli dialogy dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de Premýer-ministr Irakliý Kobahidzeniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparlarynyň netijelerine ýokary baha berdi.
Gepleşiklerde ulag-logistika pudagy esasy strategik ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Türkmen tarapy gruziýaly hyzmatdaşlara Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň we Günorta Aziýanyň bazarlaryna çykmaga ýardam bermäge, “Hazar deňzi — Gara deňiz” baglanyşygyny üpjün etmäge, “Lapis Lazuli” we TRACECA geçelgelerini işjeňleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.
Şeýle hem duşuşykda energetika, aragatnaşyk, kommunikasiýa, syýahatçylyk, oba hojalygy, dokma senagaty we gurluşyk pudaklarynda Gruziýa bilen gatnaşyklary ösdürmegä giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Gepleşikler tamamlanandan soň ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze ýokary derejeli duşuşygyň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

















