Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni BMG-niň Türkmenistandaky täze hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wany kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Sýaoszýun Greýs Wan mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem ol Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi.
Serdar Berdimuhamedow Sýaoszýun Greýs Wany täze wezipesi bilen gutlap, Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutany Baş sekretar Antoniu Guterrişe iň gowy arzuwlaryny beýan edip, BMG bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup galýandygyny nygtady.
Duşuşygyň dowamynda taraplar 2026–2030-njy ýyllar üçin durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Çarçuwaly maksatnamanyň durmuşa geçirilişini hem-de “Türkmenistan – BMG” Strategik maslahat beriş geňeşiniň işini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem energetika howpsuzlygy, üstaşyr ulag geçelgeleri, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň BMG bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Sýaoszýun Greýs Wan hem Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, iki tarapyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigini belledi.
Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hem BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Wan bilen duşuşyp, Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, 2026–2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamanyň durmuşa geçirilişini hem-de “Türkmenistan – BMG” Strategik maslahat beriş geňeşiniň işini ara alyp maslahatlaşdy.

















