Kristin Hokins ABŞ-nyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili wezipesine bellenildi. Ol Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlan ABŞ-nyň ilçisi Elizabet Rudyň ornuna geldi. Bu barada ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy duşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Elizabet Rud Türkmenistanda işlän döwründe berk hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýup, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça pugtalandyrdy. Ilçihana onuň diplomatik hyzmatlaryna hem-de ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşandyna minnetdarlyk bildirdi.
ABŞ Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady diýip, habarda bellenilýär.
Ilçi-geňeşçi derejesindäki diplomat Elizabet Rud ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy wezipesine 2024-nji ýylyň iýul aýynda işe girişdi.

















