Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini 55 ýaş toýy bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini 55 ýaş toýy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwiliniň Tbiliside geçiren duşuşygy, 2026-njy ýylyň 16-njy iýuly. (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä 55 ýaş toýy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti gutlagynda iki ýurduň arasynda özara hormat goýmak, ynanyşmak hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigini belledi.

Döwlet Baştutany hatynda ýakynda Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Tbiliside geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Şeýle-de ol bildirilen myhmansöýerlik we mähirli kabul edilendigi üçin Gruziýanyň Prezidentine ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mihail Kawelaşwiläniň türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandyna ýokary baha berilýändigini nygtap, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti gutlagynyň ahyrynda Gruziýanyň Prezidentine berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, döwlet işinde täze üstünlikleri, Gruziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdi.

2022