Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklar, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garadylar. Şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar konstruktiw türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Kristin Hokins ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili wezipesine iýul aýynda bellenilip, diplomatik işini tamamlan ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rudyň ornuna geldi.

















