Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň Migrasiýa we içerki işler boýunça baş müdirliginiň (DG HOME) baş direktorynyň orunbasary Ýohannes Luhner bilen migrasiýa, hereketlilik we wiza syýasaty boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy anna güni habar berdi.
Duşuşykda türkmen tarapy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy, DG HOME hem-de ÝB agza döwletleriniň ygtyýarly edaralarynyň arasynda göni iş gatnaşyklaryny ýola goýmaklyga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Şeýle hyzmatdaşlygyň maglumat alyşmagy tizleşdirmäge, resminama we konsullyk meselelerini netijeli çözmäge, şeýle hem daşary ýurtlarda ýaşaýan ýa-da syýahat edýän türkmen raýatlarynyň bähbitlerini has netijeli goramaga ýardam berjekdigi bellenildi.
Taraplar özara syýahaty ýeňilleşdirmek bilen bagly mümkinçiliklere hem garadylar. Hususan-da, Türkmenistanyň Benilýuks ýurtlary bilen diplomatik we gulluk pasportlarynyň eýeleri üçin wiza düzgünini ýeňilleşdirmek boýunça geçirilýän geňeşmeler, köp gezeklik Şengen wizalarynyň berilmeginiň şertlerini kämilleşdirmek hem-de konsullyk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky Hyzmatdaşlyk we giňeldilen hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygyň taýýarlanylyşyna hem garadylar.
Duşuşygyň ahyrynda ÝB tarapy türkmen tarapynyň hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky gyzyklanmasyna ýokary baha berip, DG HOME-nyň iş gatnaşyklaryny dowam etdirmäge, deslapky geňeşmeleri geçirmäge we maglumat alyşmaga taýýardygyny tassyklady.

















