Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda 598,9 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatynda habar berilýär.
Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 503 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Şol döwürde ýurduň Türkmenistana eksportynyň möçberi 95,9 million ABŞ dollaryna barabar boldy.
Özbegistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy hasabat döwründe 41 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,8 milliard ABŞ dollary möçberinde ýa-da 7,4 göterim ýokarlandy.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 2025-nji ýylda 1,2 milliard ABŞ dollaryna barabar bolupdy.

















