Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassisi kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutany hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belläp, Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň her ýyl bilelikde taýýarlanýan maksatnamalarynyň esasynda yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi ilerletmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Döwlet Baştutany adam hukuklaryny we demokratik ýörelgeleri ösdürmek, şeýle hem bu ugurda halkara tejribesini öwrenmek boýunça ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly we howpsuz ýetirmek, durnukly ykdysady ösüş, ulag, daşky gurşawy goramak hem-de suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutany şweýsar tarapynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy we Inýasio Kassisi hem-de Şweýsariýanyň halkyny ýakynda bellenip geçilen ýurduň Milli güni mynasybetli gutlady.
Inýasio Kassis Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berip, Şweýsariýanyň Türkmenistan bilen hem-de ÝHHG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hem ÝHHG-ä başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassis bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryna garadylar.

















