Aşgabatda türkmen-owgan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmeklige garaldy

BT
Aşgabatda türkmen-owgan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmeklige garaldy
Owganystanyň söwda-senagat ulgamynyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti bilen duşuşygy, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Hyradyň Söwda we maýa goýumlar palatasy)

Owganystanyň söwda-senagat ulgamynyň wekiliýeti Aşgabatda resmi iş saparynda bolup, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, söwda gatnaşyklaryny giňeltmek we iki ýurduň arasynda bilelikdäki maýa goýumlary artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Hyrat welaýatynyň Söwda we maýa goýumlar palatasy çarşenbe güni habar berdi.

Owgan wekiliýetiniň düzümine Hyrat welaýatynyň Söwda we maýa goýumlar palatasynyň hem-de Owganystanyň Söwda we maýa goýumlar palatasynyň ýolbaşçylyk geňeşleriniň agzalary, şeýle hem işewürler we senagatçylar wekilçilik etdiler. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary, telekeçiler we senagatçylar bilen duşuşyklar geçirildi.

Gepleşiklerde ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, söwda alyş-çalşygynyň möçberlerini artdyrmak, söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, iki ýurduň hususy pudaklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de täze maýa goýum mümkinçiliklerini döretmek meseleleri boýunça pikir alşyldy. Taraplar Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini bellediler.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Owganystanyň, aýratyn-da Hyrat welaýatynyň möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Iki ýurduň geografiki ýakynlygy, Turgundy porty, Hyrat–Turgundy demir ýoly hem-de TOPH ýaly iri sebit taslamalary ykdysady we üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022