Gazagystan Beýnew – Saksaulsk aralygyndaky Aral–Hazar awtomobil ýolunyň gurluşygyna başlady

BT
Gazagystan Beýnew – Saksaulsk aralygyndaky Aral–Hazar awtomobil ýolunyň gurluşygyna başlady
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew geçirilen teleköpri arkaly Beýnew – Saksaulsk awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berdi. 2026-njy ýylyň 3-nji awgusty, (Surat: “Akorda”)

Gazagystan uzynlygy 800 kilometre barabar bolan we möhüm halkara ulag geçelgesine öwrülmegi göz öňünde tutulýan täze Beýnew – Saksaulsk awtomobil ýolunyň gurluşygyna başlady. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 3-nji awgustda geçirilen teleköpri arkaly ýoluň gurluşygyna badalga berdi. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.

“Gazagystanyň içindäki arabaglanyşyklary pugtalandyrmak bilen bir hatarda, bu ýol Hytaý bilen Ýewropanyň arasynda hem “altyn köpri” bolar’ diýip, Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy.

Onuň sözlerine görä, taslama Hytaýyň serhedindäki gözegçilik-geçiriş nokatlaryny Aktau we Kuryk portlary bilen göni baglanyşdyrar. Netijede, Hytaýdan Ýewropa ýük daşamak üçin geçilmeli ýol 1 müň kilometre, eltip beriş wagty bolsa üç güne çenli gysgalar.

“Halkymyzyň gadymdan gelýän däplerine görä, guýulary abadanlaşdyrmak we köprüleri gurmak ýagşylygyň hem-de adamlar barada aladasynyň nyşany hasaplanýar. Başgaça aýdylanda, biz öz abadançylygymyza hem, goňşularymyzyň abadançylygyna hem hyzmat etjek örän möhüm başlangyjy durmuşa geçirmäge başlaýarys” diýip, Gazagystanyň Prezidenti aýtdy.

Döwlet Baştutanynyň sözlerine görä, Beýnew – Saksaulsk awtomobil ýoly respublikan, sebit we transkontinental ähmiýetli esasy ulag geçelgesi derejesine eýe bolar. “Şonuň üçin bu ugura “Aral–Hazar awtomobil ýoly” diýen at has laýyk gelýär” diýip, Tokaýew aýtdy.

Gazagystanyň Prezidenti başlanan ähli taslamalaryň bellenen möhletde, ýagny 2029-njy ýyldan gijä galman tamamlanmalydygyny belledi.

2022