Ýanwar-iýul: “Daşoguztelekom” 7 müň 639 telefon nokadyny gurnady

BT
Ýanwar-iýul: “Daşoguztelekom” 7 müň 639 telefon nokadyny gurnady
“TürkmenTEL 2022” halkara sergi, 2022-nji ýylyň 9-10-njy noýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

“Daşoguztelekom” welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynda şu ýylyň ýedi aýynda 7 müň 639 telefon nokady gurnaldy, diňe iýul aýynda bolsa olaryň sany 1 müň 287 nokada çenli artdy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe günündäki sanynda habar berilýär.

Kärhana welaýatyň etraplarynda, şäherlerinde we oba ýerlerinde aragatnaşyk hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek hem-de ýokary tizlikli internet beketlerini oturtmak boýunça işleri alyp barýar. Geçen ýylyň dowamynda welaýatyň çäginde 16 müň 447 telefon nokady oturdyldy.

Şeýle hem welaýat boýunça kärhananyň telefon hyzmatlaryndan peýdalanýan müşderileriň sany 127 müň 520-ä ýetdi. Mundan başga-da ýokary tizlikli internet hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Şeýle-de iýul aýynyň dowamynda welaýat boýunça 2 müň 138 internet nokady ýokary tizlikli internet ulgamyna birikdirildi. Şu ýylyň ýedi aýynda internet hyzmatyna birikdirilen nokatlaryň sany 9 müň 157-ä, ýokary tizlikli internet hyzmatyndan peýdalanýan müşderileriň sany bolsa 91 müň 125-e ýetdi.

2022
ENG TM РУС