CIET 2026 halkara maslahatyna we sergisine hasaba alyş başlandy

BT
CIET 2026 halkara maslahatyna we sergisine hasaba alyş başlandy
“Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy-2025” atly halkara sergisi (CIET 2025), 2025-nji ýylyň 3-nji noýabry, Awaza, Türkmenistan

Aşgabatda 2026-njy ýylyň 3–5-nji noýabrynda geçiriljek “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek” (CIET 2026) atly halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylary hasaba almak başlandy. Bu barada forumyň bilelikdäki gurnaýjysy bolan TEF kompaniýasy habar berdi.

Forum Türkmenistanyň infrastruktura we senagat ösüşiniň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin döwlet edaralarynyň, maýadarlaryň, maliýe institutlarynyň, daşary ýurt önüm öndürijileriniň, potratçy guramalaryň, tehnologik çözgütleri üpjün edijileriň hem-de bilermenleriň wekillerini bir ýere jemlär. Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, geçen ýyl bu çärä 50-den gowrak ýurtdan 500-den hem köp wekil gatnaşdy.

CIET 2026 halkara maslahatynda gurluşyk we şäher gurluşygy, senagaty döwrebaplaşdyrmak, himiýa we nebithimiýa önümçiligi, energetika we energiýadan netijeli peýdalanmak, ulag we infrastruktura, sanlylaşdyrma hem-de intellektual tehnologiýalar ýaly ugurlara maýa goýumlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary we halkara tejribäni çekmek meselelerine aýratyn üns berler. Şeýle hem döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň mehanizmlerine we taslamalary maliýeleşdirmegiň gurallaryna aýratyn garalar.

Çäräniň çäklerinde döwlet edaralarynyň, döwlet kärhanalarynyň we Türkmenistanyň hususy kompaniýalarynyň wekilleri bilen B2G we B2B görnüşindäki duşuşyklar hem geçiriler. Bu daşary ýurtly gatnaşyjylara anyk taslamalary gönüden-göni ara alyp maslahatlaşmaga we hyzmatdaşlary tapmaga giň mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, maslahat bilen bir wagtda halkara sergi hem geçiriler. Sergide senagat, himiýa, infrastruktura we energetika pudaklary üçin enjamlar, tehnologiýalar, gurluşyk materiallary hem-de dürli çözgütler görkeziler.

CIET 2026 “Innowasiýalar • Maýa goýumlar • Ösüş” şygary bilen geçiriler. Forumyň esasy maksady Türkmenistanyň ileri tutulýan taslamalaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny, tehnologiýalary we inženerçilik tejribesini çekmekden ybaratdyr.

CIET 2026 halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin forumyň resmi internet sahypasynda hasaba alynmak mümkindir: ciet-turkmenistan.com.

2022