Türkmenistanyň we Ukrainanyň Söwda-senagat edaralary 27-nji awgustda ikitaraplaýyn söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bagyşlanan wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy habar berdi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň “Söwda öýüniň” direktory Serdar Kepbanow, Ukrainanyň Söwda-senagat edarasynyň prezidentiniň orunbasary Waleriý Korol, şeýle hem Türkmenistanyň we Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň esasy maksady import-eksport işi bilen meşgullanýan kiçi we orta telekeçilere ýardam bermek, iki ýurduň işewürleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemekden ybarat boldy.
Çykyşlaryň dowamynda iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleri telekeçileriň arasynda göni hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, işewürlik maglumatlaryny yzygiderli alyşmaga, bazarlaryň mümkinçiliklerini öwrenmäge we hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini gözlemäge gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler. Şeýle hem duşuşykda dokma we himiýa senagatynda, ulag-logistika ulgamynda we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

















