Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime, XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandara hem-de ýurduň halkyna Garaşsyzlyk güni mynasybetli, şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ýurduň halkyna Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Döwlet Baştutany Malaýziýanyň ýolbaşçylaryna iberen gutlagynda Türkmenistanda bu ýurt bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň özara hormat goýmak, ynanyşmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň dowamynda türkmen-malaý hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalaryň tassyklanandygyny hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek we çuňlaşdyrmak boýunça möhüm çözgütleriň kabul edilendigini aýtdy. Şeýle hem Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi saparynyň netijeleriniň iki halkyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Anwar Ibrahime we XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandara berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Malaýziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Döwlet Baştutany Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa iberen gutlagynda Gyrgyzystanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasy we durmuş-ykdysady ulgamlarda möhüm üstünlikleri gazanandygyny hem-de häzirki wagtda dürli ugurlarda ösüşini dowam etdirýändigini belledi. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň depginli we yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň halklarynyň bähbidine gönükdirilen ýakyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirip, Sadyr Žaparowa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Gyrgyz Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

















