Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew şol bir wagtda Türkmenistanyň Kanadadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permana 2026-njy ýylyň 30-njy awgustynda gol çekdi.
Esen Aýdogdyýew 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenipdi. Ol 21-nji maýda Ak tamda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ynanç hatyny gowşurdy.
Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi wezipesine bellenmezinden ozal Esen Aýdogdyýew Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky, Serbiýa Respublikasyndaky, Sloweniýa Respublikasyndaky we Bolgariýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerini ýerine ýetirdi. Ol 2026-njy ýylyň 6-njy martynda başga işe geçmegi sebäpli bu wezipelerinden boşadyldy.

















