Türkmen wekiliýeti Ankarada türk dünýäsiniň ýokary bilim sertifikat maksatnamasyna gatnaşýar

BT
Türkmen wekiliýeti Ankarada türk dünýäsiniň ýokary bilim sertifikat maksatnamasyna gatnaşýar
Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň wekiliýeti “Türk dünýäsiniň ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk” atly sertifikat maksatnamasyna gatnaşýar, Ankara, Türkiýe (Surat: Türkmenistanyň Bilim Ministrligi).

Türkmen wekiliýeti Türkiýäniň Ankara şäherinde 7–11-nji sentýabr aralygynda geçirilýän “Türk dünýäsiniň ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk” atly sertifikat maksatnamasyna gatnaşyp, ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi sişenbe güni habar berdi.

Sertifikat Maksatnamasyna Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň we Wengriýanyň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmem tarapyna Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri wekilçilik edýär.

Maksatnamanyň 7-nji sentýabrdaky resmi açylyş dabarasyna Türkiýe Respublikasynyň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar boýunça müdirliginiň (YTB) başlygy Abdulhadi Turusyň, şeýle hem maksatnama gatnaşýan ýurtlaryň Ankara şäherinde akkreditirlenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri hem gatnaşdylar.

Açylyş dabarasynda gatnaşyjylar Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar boýunça müdirliginiň (YTB) işiniň esasy ugurlary, maksatnamanyň maksatlary we ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem bilelikdäki talyp hakly maksatnamalar, akademik alyşmalar we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada maglumat berildi.

Maksatnamanyň “Türkiýede we dünýäde ýokary bilim syýasaty we strategiýalary” atly modula bagyşlanan ilkinji gününde Türkiýäniň ýokary bilim ulgamynyň gurluşy we ösüş ugurlary, dünýä ýokary bilimindäki esasy meýiller, medeni täsiriň we halkara abraýyň kemala getirilmeginde ýokary okuw mekdepleriniň orny hem-de ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022