Türkmen ýaşlary Samarkantda howanyň üýtgemegi boýunça geçirilen maslahata gatnaşdylar

BT
Türkmen ýaşlary Samarkantda howanyň üýtgemegi boýunça geçirilen maslahata gatnaşdylar
Samarkantda geçirilen “RCOY Central Asia 2026” Merkezi Aziýa ýaşlar konferensiýasyna gatnaşyjylar (Surat: gov.uz)

Türkmen ýaşlary Özbegistanyň Samarkant şäherinde 4–6-njy sentýabr aralygynda geçirilen Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi, suw we durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan “RCOY Central Asia 2026” sebit ýaşlar konferensiýasyna gatnaşdylar.

Maslahata Türkmenistandan, Özbegistandan, Owganystandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Azerbaýjandan, Mongoliýadan we Türkiýeden 100-e golaý ýaş ekologlar we bilermenler gatnaşdylar. Olar klimat syýasaty we döwlet dolandyryşy, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, buzluklaryň eremegi hem-de çölleşme meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Özbegistanyň hökümetiniň resmi internet sahypasy habar berýär.

Çäräniň çäklerinde sebit ýaşlarynyň döwlet edaralarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň we hyzmatdaş guramalaryň wekillerine gowşuryljak beýannamasy hem tanyşdyryldy.

“RCOY Central Asia 2026” konferensiýasynyň sosial sahypasynda habar berlişi ýaly, maslahatyň bilelikdäki gurnaýjylarynyň hatarynda “Youth Climate Network Turkmenistan” hem-de “Mümkinçilik Dünýasi” hojalyk jemgyýeti bar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022