Türkmen telekeçileri 2026-njy ýylyň 13–15-nji oktýabry aralygynda Belarusyň Minsk şäherinde geçiriljek “Lukmançylyk we saglyk-2026” atly 32-nji halkara ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
Sergi lukmançylyk enjamlary we derman serişdeleri, barlaghana lukmançylygy, sarp edilýän serişdeler, ideg we arassaçylyk önümleri, stomatologiýa enjamlary ýaly ugurlary öz içine alar. Şeýle hem serginiň çäklerinde dikeldiş lukmançylygy, bejeriş-dikeldiş we ortopediýa, estetiki lukmançylyk we kosmetologiýa, lukmançylyk we sagaldyş syýahatçylygy boýunça ýörite bölümler hereket eder.
Şeýle hem serginiň çäklerinde lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş önümleriniň sergisi bilen birlikde, bejeriş-dikeldiş lukmançylygy boýunça ylmy-amaly seminar, kosmetologiýa boýunça açyk forum, şeýle hem dürli ussatlyk sapaklarynyň we tanyşdyryş çäreleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Guramaçylaryň bellemegine görä, sergi hünärmenlere enjamlaryň işini synap görmek, öňdebaryjy hünärmenlerden maslahat almak we işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin mümkinçilik döreder.














