Baku porty bilen Türkmenistanyň portlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygy 34,6% artdy

BT
Baku porty bilen Türkmenistanyň portlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygy 34,6% artdy
Baku portunyň we Aktau, Kuryk, Türkmenbaşy, Poti hem-de Batumi portlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy, 2026-njy ýylyň 10-njy sentýabry, Baku, Azerbaýjan. (Surat: “AZERTAC”)

Baku halkara deňiz porty bilen Türkmenistanyň portlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygy deslapky görkezijilere görä, 2026-njy ýylyň ilkinji sekiz aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 34,6 göterim artdy. Bu barada Azerbaýjanyň “Azerbaýjan demir ýollary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine salgylanyp, “AZERTAC” habarlar agentligi habar berdi.

Şeýle hem habarda bellenilşi ýaly, Baku porty bilen Gazagystanyň portlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň deslapky görkezijilerine görä, 2026-njy ýylyň ilkinji sekiz aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6 göterim artdy.

Bulardan başga-da habarda, “Azerbaýjan demir ýollary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň düzümine girýän Baku halkara deňiz portunyň guramagynda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça maslahatyň geçirilendigi we oňa Türkmenbaşy, Aktau, Kuryk, Poti we Batumi portlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşdygy bellenilýär.

Duşuşykda Hazar we Gara deňizleriniň basseýnini has netijeli, ygtybarly we bäsdeşlige ukyply ulag-logistika ulgamyna öwürmek ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine garaldy.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Orta geçelgäniň barha artýan strategik ähmiýeti, sebit portlarynyň arasyndaky utgaşyklyk, ýük akymlaryny has çalt we netijeli guramak hem-de bilelikdäki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy. Taraplar portlarda ýüze çykýan meseleleri hem-de sebit hyzmatdaşlygyny has-da yzygiderli we durnukly esasda ösdürmek boýunça maslahatlaşdylar.

2022