Aşgabatda GDA-nyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

BT
Aşgabatda GDA-nyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşyjylar, 2026-njy ýylyň 11-nji sentýabry, Aşgabat Türkmenistan, (Surat: e-cis.info)

Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisi geçirilip, onda geňeşe gatnaşyjy döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça meselelere garaldy. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy anna güni habar berdi.

GDA döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary hem-de GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşmagynda geçirilen mejlisiň açylyşynda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow çykyş etdi. Mejlisiň dar düzümde geçirilen bölüminde wekiliýetleriň ýolbaşçylary GDA-da ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, şeýle hem Geňeşiň garamagyna hödürlenen resminamalar boýunça pikir alyşdylar.

Mejlisiň dowamynda GDA ýurtlarynda halkara gatnawlarda ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça 2026–2030-njy ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasy hem tassyklanyldy. Resminama ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ylalaşylan çemeleşmeleri durmuşa geçirmek üçin görülmeli çäreleri öz içine alýar.

Geňeşde GDA-a agza döwletleriň ýokary tehnologiýaly senagat pudaklary üçin geljegi uly materiallary öndürmek boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky konsepsiýanyň taslamasyna we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna hem garaldy. Konsepsiýa döwletara ylmy-tehniki we önümçilik hyzmatdaşlygyny ösdürmegi, tehnologiýalary geçirmekligi, şeýle hem materiallar ylmy we materiallaryň tehnologiýalary boýunça hünärmenleri taýýarlamagy göz öňünde tutýar.

Mundan başga-da, geňeşde GDA-a agza döwletleriň arasynda 2030-njy ýyla çenli innowasion hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara maksatnamany durmuşa geçirmek üçin 2026–2030-njy ýyllar üçin çäreleriň toplumlaýyn meýilnamasynyň taslamasyna garaldy. Meýilnamada jogapkär ýerine ýetirijiler we ýerine ýetiriş möhletleri görkezilen anyk başlangyçlar, çäreler we taslamalar göz öňünde tutulýar.

Mejlisiň çäklerinde standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyrmak, oba hojalyk-senagat toplumy, tokaý senagatynyň sanly özgerdilmegi, radionawigasiýa, howa hereketi, saglygy goraýyş we beýleki meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu mejlisde seredilen resminamalaryň 12-si GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň garamagyna hödürlener. Şeýle hem GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň indiki mejlisini 2026-njy ýylyň 27-nji noýabrynda Moskwada geçirmek meýilleşdirilýär.

2022