Türkmen alymlary Hytaýda çölleşmä garşy göreş boýunça tejribe alyşdylar

BT
Türkmen alymlary Hytaýda çölleşmä garşy göreş boýunça tejribe alyşdylar
Hytaýyň Inçuan şäherinde çölleşmä garşy göreş boýunça geçirilen okuw maslahaty, (Surat: “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti)

Türkmenistanyň çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň alymlary hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri Hytaýyň Inçuan şäherinde geçirilen okuw maslahatyna gatnaşyp, hytaýly kärdeşleri bilen çölleşmä garşy göreş boýunça tejribe alyşdylar. Bu barada “Neýtyralnyý Türkmenistan” gazetiniň duşenbe günündäki sanynda habar berildi.

Çärede Hytaýyň ekologiýa, tokaý we oba hojalygy ugurlarynda işleýän alymlary temalaýyn çykyşlary etdiler. Türkmen hünärmenleri hem milli tejribelerini we soňky ylmy işläp taýýarlamalaryny hödürläp, ýöriteleşdirilen neşirleriň nusgalaryny hytaýly kärdeşlerine gowşurdylar.

Gatnaşyjylar okuw maslahatynyň çäklerinde Hytaýda çölleşmä sezewar bolan ýerleri dikeltmek, tokaý-öri meýdanlaryny döretmek, çöl şertlerinde ösümlikleri ösdürmek we suwaryşda gün energiýasyndan peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde öňe sürlen Merkezi Aziýa üçin Çölleşmä garşy göreş boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyç hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem hytaý tarapy Türkmenistanyň çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsini öwreniş milli instituty bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gyzyklanma bildirdi.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar gurak sebitleriň ekologiýasyny goramak boýunça tejribäniň we ylmy bilimleriň özara baýlaşdyrylmagynyň möhümdigini belläp, Türkmenistan bilen Hytaýyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

2022