Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet sapary bilen bardy, 2026-njy ýylyň 14-nji sentýabry. (Surat: Yonhap)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow "Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy" sammitine gatnaşmak ücin duşenbe güni döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna bardy. Bu barada "Watan" habarlary gepleşigi habar berýär.

Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň uçary Seul şäheriniň  ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş howa menziline gondy. Howa menzilinde döwlet Baştutanyny Koreýa Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň resmi wekilleri mähirli garşy aldylar.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar okgunly ösdürilip, strategiki hyzmatdaşlyk derjesine çykarylýar. 

"Watan" habarlary gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet sapary türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlan türkmen-koreý gatnaşyklarynda täze sahypany açmaga gönükdirilendir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022