Arkadag şäheriniň ikinji tapgyry 2027-nji ýylda açylyp ulanmaga berler

BT
Arkadag şäheriniň ikinji tapgyry 2027-nji ýylda açylyp ulanmaga berler
Arkadag şäheri, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanda ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyry 2027-nji ýylda açylyp, ulanmaga berler. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda eden çykyşynda aýtdy, diýip Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Arkadag şäheriniň iri şähergurluşyk taslamasydygyny belläp, şäherde innowasion tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň giňden ulanylýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol häzirki wagtda şäherde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasynyň amala aşyrylýandygyny belledi.

Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde azyk, senagat, derman we lukmançylyk önümlerini öndürmek üçin kärhanalar gurulýar. Şeýle hem şäheriň ikinji tapgyrynyň çäklerinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebi, çagalar bagyny we sport binasyny öz içine alýan desgalar toplumynyň gurluşygy dowam edýär. Bu desgalar toplumy ýaşlaryň bilimli we sagdyn bedenli bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döreder.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna gurulýan orta mekdepde we çagalar bagynda dürli dersleriň okadylmagy, ýaşlaryň zehinini ösdürmäge gönükdirilen okuw-terbiýeçilik işleriniň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk işleriniň alnyp barylmalydygyny belläp, bu şanly waka taýýarlygyň häzirden başlamalydygyny aýtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС