Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda şu ýyl täze döwrebap oba açylyp ulanmaga berler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda eden çykyşynda aýtdy, diýip Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, täze obada raýatlaryň amatly ýaşamagy üçin ähli şertler dörediler. Şeýle hem bu taslama ýurtda ilatyň durmuş we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen döwrebap obalaryň, şäherçeleriň we şäherleriň gurluşygynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, degişli işler durmuş-ykdysady ösüşiň döwlet maksatnamalarynyň, şeýle hem obalaryň, şäherçeleriň, etrap şäherleriniň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş we ýaşaýyş şertlerini özgertmäge gönükdirilen çäreleriň çäklerinde alnyp barylýar.
Mundan başga-da, şu ýyl Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze döwrebap şäherçäniň gurluşygyna badalga berildi. Şeýle-de Aşgabat şäherinde hem täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda himiýa senagatynyň işgärleri üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki binalaryň toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýakyn wagtda welaýatlarda 50 sany saglyk öýleriniň we saglyk merkezleriniň düýbi tutular.
Döwlet Baştutany ýurdumyzda raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmaga we olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen iri maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini hem belledi.






33271-495x4352.jpeg)


33271-90x604.jpeg)







