Türkmenistanda täze kärhanalary gurmagyň we bar bolan kärhanalaryň durkuny täzelemegiň hasabyna 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 5 müň 300-e golaý täze iş ornunyň döredilmegine garaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda eden çykyşynda aýtdy, diýip Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, “Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy” esasynda ilatyň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Bu ugurdaky işler raýatlaryň iş üpjünçiligi ulgamyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen dowam etdiriler.
Serdar Berdimuhamedow gaz pudagynyň ösüşi barada belläp, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berlendigini aýtdy. Şeýle hem şu ýyl türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gaz öndürmäge niýetlenen döwrebap zawodyň gurluşygyna badalga berilendigini we ýakyn wagtda bu ýerde 1 müňden gowrak täze iş ornynynyň dörediljekdigini nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ykdysadyýetiň pudaklarynda önümçiligiň artdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň bellenen derejede saklanýandygyny hem aýtdy. Şeýle hem şu ýylyň ahyryna çenli bu makroykdysady görkezijiniň 6,3 göterim derejesinde bolmagyna garaşylýar.
Döwlet Baştutany ýurdumyzda raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmaga we olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmaga gönükdirilen iri maksatnamalaryň hem durmuşa geçirilýändigini belledi. Hususan-da, ilatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly durmuş şertleri döredilen täze, döwrebap obalar, şäherçeler we şäherler gurulýar.







33271-495x4352.jpeg)









