Ahalteke atçylygy boýunça dünýä çempionaty bäş ýyldan bir gezek geçiriler

BT
Ahalteke atçylygy boýunça dünýä çempionaty bäş ýyldan bir gezek geçiriler
Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşigi, "Pelbergen" atçylyk merkezi, Kronenberg, Niderlandlar, 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry

Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 28-nji sentýabrda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyny her bäş ýyldan bir gezek geçirmek hakynda Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, çempionatyň we bäsleşigiň geçiriljek wagty hem-de ýeri Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisinde tassyklanar. Bu çözgüt ahalteke bedewlerini halkara derejesinde has-da giňden wagyz etmäge we türkmen atçylyk sungatyny ösdürmäge gönükdirilendir. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Şeýle hem ahalteke bedewlerini konkur we atçylyk sportunyň beýleki görnüşleri boýunça halkara talaplara laýyklykda taýýarlamak üçin ýörite okuw-türgenleşik maksatnamalaryny işläp taýýarlamagy göz öňünde tutýan başga bir Karara hem gol çekildi. Bu maksatnamalar bedewleriň Olimpiýa meýdançalarynda üstünlikli çykyş etmegini üpjün etmäge gönükdiriler. Şeýle hem ahalteke bedewleriniň arasynda geçirilýän iri ýaryşlarda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýörite halkara baýraklaryny we Kuboklaryny döretmek göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da Karara laýyklykda ahalteke bedewlerinde atçylyk syýahatçylygy Assosiasiýanyň halkara işiniň ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Resminama tejribe alyşmak, hünärmenleri taýýarlamak we bilelikdäki halkara taslamalary durmuşa geçirmek boýunça teklipleri taýýarlamagy, şeýle hem taryhy-medeni, ekologik we halkara syýahatçylyk mümkinçiliklerini birleşdirýän täze ugurlary döretmek maksady bilen daşary ýurtlaryň atçylyk we syýahatçylyk guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutýar.

Şeýle hem Ahalteke bedewleriniň Halkara tohumçylyk geňeşiniň döredilmegi bilen bagly Karara gol çekildi. Karara laýyklykda Geňeş halkara derejesinde tohumçylyk işini utgaşdyrar, tohumçylyk maglumatlarynyň alyş-çalşygyny üpjün eder, arassa ganly ahalteke bedewleriniň genetiki goragyna we tohumçylyk ölçegleriniň kämilleşdirilmegine ýardam berer.

Şeýle hem häzirki zaman ylmy usullary we biotehnologiýalary ulanmak arkaly ahalteke bedewleriniň genetikasy, tohumçylyk aýratynlyklary, köpeldilişi, iýmitlendirilmegi, saglygy, weterinariýasy we önümçilik mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça ylmy-barlag maksatnamalaryny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Resminama tohumyň genofonduny gorap saklamak boýunça ýörite ylmy-weterinariýa barlaglaryny geçirmegi we innowasion taslamalary goldamagy hem göz öňünde tutýar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna kabul edildi. Şeýle hem Karara laýyklykda Assosiasiýanyň nobatdaky, XVII mejlisini 2027-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda geçirmek meýilleşdirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022