Sentýabrda Hazar deňzi arkaly konteýner daşamalarynyň bahasy ýokarlandy

BT
Sentýabrda Hazar deňzi arkaly konteýner daşamalarynyň bahasy ýokarlandy
Deňiz arkaly konteýner daşamalary (Surat: Pixabay)

Sentýabr aýynda Hazar deňziniň üsti arkaly konteýner daşamalarynyň bahasy awgust aýy bilen deňeşdirilende ýokarlandy. Bu barada “Argus” baha beriş agentligi habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Ýakyn Gündogardaky durnuksyz ýagdaýlaryň täsiri sebäpli Hytaýdan Ýewropa deňiz arkaly konteýner daşamalarynda ýüze çykyp biljek päsgelçikler göz öňünde tutulyp, nyrhlar ýylyň başyndan bäri ýokarlanýar.

Konteýner daşamalarynyň bahasynyň ýokarlanmagyna ýangyjyň bahasynyň artmagy hem täsir edýär. Şeýle hem “Argus” baha beriş agentliginiň geçiren seljermelerine görä, konteýner daşaýjylarynyň Hazar we Gara deňizlerinde bunker ýangyjynyň bahasynyň birden ýokarlanmagy daşama nyrhlarynyň artmagyna getirendigi bellenilýär.

Seljermede Hytaýdan konteýnerleriň alternatiw ugurlar, şol sanda Demirgazyk deňiz ýoly arkaly iberilmeginde bäsdeşligiň artmagy Hazar deňzi arkaly konteýner daşamalarynda nyrhlaryň has ýiti ýokarlanmagynyň öňüni alýandygy hem aýdylýar.

Sentýabr aýynda Sian şäherinden Alýat/Abşeron (Baku) ugruna 40 futlyk beýik konteýneriň (40HC) daşama bahasy bir aý öňki 6 700–7 100 dollardan 6 750–7 200 dollara çenli ýokarlandy. Ekspeditorlaryň pikirine görä, kiçi operatorlar tarapyndan konteýner ýüklerini daşamak ýene-de 5–10 göterim ýokary bolup biler. Käbir daşaýjylar sentýabr aýynda Sian şäherinden Abşerona çenli konteýnerleri eltmegiň bahasyny 40HC üçin 6 800–7 300 dollar möçberinde kesgitlediler.

Ýük daşaýjylaryň maglumatlaryna görä, sentýabr aýynda Sian şäherinden Tbilisidäki we Potidäki terminallara konteýner daşamak üçin nyrhlar bir aý öňki bahasyndan üýtgemän, 40HC üçin 6 900–7 200 dollar ýagdaýynda saklanyp galdy. Şeýle hem sentýabr aýynda konteýner otlularynyň Sian — Altynköl — Aktau — Alýat — Abşeron ugry boýunça geçiş wagty, bir aý öňki ýaly, ortaça 14–19 gije-gündize deň boldy.

Sentýabr aýynda Sian şäherinden Abşeron/Alýatyň üsti bilen Türkiýäniň Ambarly we Mersin portlaryna tranzit arkaly daşamagyň bahasy bir aý öňki 7 200–7 900 dollardan 40HC üçin 7 200–8 000 dollara çenli artdy.

Ekspeditorlaryň bahalandyrmagyna görä, sentýabryň ahyryna Azerbaýjanda, Gruziýada we Gazagystanda boş we ulanylman duran konteýnerleriň sany awgust aýy bilen deňeşdirilende düýpli üýtgemän, 3 500–3 700 birlik aralygynda saklandy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022