Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) howandarlygynda halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça halkara kodeksini işläp düzmegi teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýewiň Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynyň umumy syýasy pikir alyşmalarynda eden çykyşyna salgylanyp, BMG habar berýär.
Wepa Hajyýewiň sözlerine görä, emeli aň giň mümkinçilikleri açyp, şol bir wagtyň özünde halkara derejesinde jogapkärçilikli düzgünleşdirilmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan sanly ynam we emeli aňdan jogapkärçilikli peýdalanmak meseleleri boýunça Aşgabatda halkara bilermenler dialogyny geçirmegi hem teklip etdi.
Şeýle hem Türkmenistan Halkara howpsuzlygy boýunça BMG-niň howandarlygynda parahatçylyk, howpsuzlyk we öňüni alyş diplomatiýasy ýörelgelerine esaslanýan Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny işläp düzmek boýunça hökümetara geňeşmeleriň başyny başlamagy meýilleşdirýär. Türkmenistan indiki ädim hökmünde dialog we öňüni alyş diplomatiýasy onýyllygyny yglan etmegi, şeýle hem BMG-niň ýanynda Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk we döwletleriň özygtyýarly deňligi boýunça dostlar toparyny döretmegi teklip etdi.
Mundan başga-da, Türkmenistan yzygiderli syýasy we bilermenler gepleşiklerini geçirmek, amaly klimat başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin meýdança hökmünde Aşgabat klimat dialogyny döretmegi hem teklip etdi. Wepa Hajyýewiň bellemegine görä, gurakçylykdan we suw serişdeleriniň ýetmezçiliginden ejir çekýän sebitleriň howanyň üýtgemegine durnuklylygyny berkitmäge aýratyn üns bermek zerurdyr.















