TIF-2026: Gyrgyzystan Türkmenistan bilen maýa goýum hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryny kesgitledi

BT
TIF-2026: Gyrgyzystan Türkmenistan bilen maýa goýum hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryny kesgitledi
Türkmenistanyň Maýa goýum forumynda (TIF 2026) Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli maýa goýum agentliginiň ýolbaşçysy Rawşanbek Sabirowyň çykyş edýän pursady, 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli maýa goýum agentliginiň ýolbaşçysy Rawşanbek Sabirow Aşgabatda geçirlýän Türkmenistanyň Maýa goýum forumynda Gyrgyzystanyň Türkmenistan bilen ýaşyl energetika, nebit önümleriniň we tebigy gazyň üpjünçiligi, telekommunikasiýalar, dokma senagaty, ulag we logistika, şeýle hem syýahatçylyk ugurlarynda maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmekde mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Bu barada çärä gatnaşýan “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň wekili habar berýär.

Rawşanbek Sabirow Gyrgyzystanyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösýändigini we 2025-nji ýylda ýurduň ykdysadyýetiniň 11 göterim artandygyny, daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberiniň bolsa 27 göterim artyp, 1,3 milliard dollardan geçendigini aýtdy. Şeýle hem täze maýa goýum taslamalarynyň umumy möçberiniň bolsa 23 milliard dollardan geçendigini belledi.

Mundan başga-da, Rawşanbek Sabirow agentligiň daşary ýurtly maýadarlar üçin sanly hyzmatlary ösdürýändigini belläp, emeli aň tehnologiýalary esasynda täzelenen we 30 dilde işleýän maýa goýum portalynyň, şeýle hem emeli aňly çat-botuň döredilendigini aýtdy. Portalda (invest.gov.kg) ýurt we ykdysadyýetiň pudaklary barada maglumatlar, maýa goýum taslamalarynyň katalogy hem-de interaktiw maýa goýum kartasy ýerleşdirildi.

Emeli aňly çat-bot maýa goýum taslamasyny bellige almak, kanunçylygyň talaplary we elýeterli ýeňillikler baradaky soraglara jogap berýär. Mundan başga-da, Sabirow maýadarlar, döwlet edaralary we sebitler baradaky maglumatlary bir ýerde jemleýän “Maýa goýumlar” atly awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamynyň döredilýändigini mälim etdi. Onuň üsti bilen maýadarlar ähli zerur meseleleri “Bir penjire” ýörelgesi esasynda çözüp bilerler.

Rawşanbek Sabirow şeýle hem çykyşynyň dowamynda sebit üçin ähmiýetli taslamalaryň hatarynda Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda täze ulag ugruny açjak Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan demir ýoluny, şeýle hem Kambar-Ata GES-1-i we Günorta Aziýa elektrik energiýasyny eksport etmäge niýetlenen CASA-1000 taslamasyny görkezdi. Onuň aýtmagyna görä, bu iki taslama Merkezi Aziýanyň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrar.

Türkmenistanyň Maýa goýum forumy 1-2 oktýabrda Aşgabatda geçirilip, ony Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Daşary işler ministrligi bilelikde guraýar. Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, foruma 40-dan gowrak ýurtdan 200-den köp daşary ýurt kompaniýasynyň, şeýle hem halkara maliýe edaralarynyň we döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022