Türkmenistanyň we Rumyniýanyň işewürleriniň arasynda täze gatnaşyklary ýola goýmak ylalaşyldy

BT
Türkmenistanyň we Rumyniýanyň işewürleriniň arasynda täze gatnaşyklary ýola goýmak ylalaşyldy
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň arasynda geçirilen onlaýn duşuşyk (Surat: Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda täze gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam bermek barada ylalaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy habar berdi.

Duşuşyk Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň goldaw bermegi bilen 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda onlaýn görnüşde geçirilip, onda şeýle hem kompaniýalaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bulardan başga-da duşuşykda, taraplar oba hojalygy, gurluşyk, logistika we azyk senagaty ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine şeýle hem işewürlik maglumatlary alyşmagy dowam etdirmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek meselelerine garadylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda ýene bir ädim bolandygyny bellediler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС