IFC Türkmenistanyň maýa goýumlary üçin geljegi uly ugurlary belledi

BT
IFC Türkmenistanyň maýa goýumlary üçin geljegi uly ugurlary belledi
Saýmon Endrýus (sag tarapdan birinji) Türkmenistanyň Maýa goýum forumynda, 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

Halkara maliýe korporasiýasy (IFC) Türkmenistanda senagat, oba hojalygy, maliýe ulgamy, maýa bazary, infrastruktura we tebigy serişdeler ugurlarynda maýa goýumlary üçin birnäçe mümkinçilikleriň bardygyny belleýär. Bu barada Halkara maliýe korporasiýasynyň (IFC) Pakistan, Owganystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Türkmenistan boýunça sebitleýin müdiri Saýmon Endrýus 1-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen.Türkmenistanyň Maýa goýum forumynda (TIF 2026) eden çykyşynda aýtdy diýip, ”Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň wekili habar berýär.

IFC hususan-da, oba hojalygynda we senagatda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, önümçiligi gaýtadan işlemegi döwrebaplaşdyrmak we eksporta gönükdirilen kärhanalary ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belleýär. Saýmon Endrýusyň aýtmagyna görä, maliýe ulgamynda söwdany maliýeleşdirmegi giňeltmek, maýa bazaryny ösdürmek we kiçi hem-de orta telekeçilik kärhanalarynyň maliýe serişdelerine elýeterliligini ýokarlandyrmak üçin giň mümkinçilikler bar.

Saýmon Endrýus IFC-niň işi barada belläp, Bütindünýä bankynyň toparynyň düzümine girýän we hususy pudaklar bilen işleýän guramanyň uzak möhletleýin karzlary berýändigini, kompaniýalaryň maýasyna gatnaşýandygyny, kwazi-maýa (maýa häsiýetli maliýe serişdeleri), söwda we gurluşly maliýeleşdiriş gurallaryndan peýdalanýandygyny aýtdy. Şeýle hem IFC hökümetlere we kompaniýalara maýa goýum şertlerini gowulandyrmak, döwlet-hususy hyzmatdaşlyk, korporatiw dolandyryş, ekologik we durmuş standartlary, şeýle hem taslamalary ösdürmek boýunça maslahat we tehniki goldaw berýär.

IFC öz maliýeleşdirmesinden başga-da, ösüş boýunça hyzmatdaşlary we Bütindünýä bankynyň toparynyň beýleki düzümleri arkaly goşmaça maýadarlary çekmäge we töwekgelçilikleri azaltmak gurallaryndan peýdalanmaga ýardam berýär. Saýmon Endrýusyň sözlerine görä, bu işiň maksady hususy maýany has köp möçberde çekmek we ony ykdysadyýeti ösdürmäge, şeýle hem täze we has ýokary hilli iş orunlaryny döretmäge gönükdirmekden ybaratdyr.

Şeýle hem Saýmon Endrýus Maýa goýumlary çekmek üçin zerur şertler barada aýdyp, IFC-niň 100-den gowrak ýurtdaky tejribesine esaslanyp, dört möhüm şerti görkezdi. Olar kadalaşdyryş ulgamynyň öňünden çaklap boljak derejede bolmagy we hukuk taýdan anyklyk, maýadarlar üçin deň şertleriň döredilmegi, korporatiw dolandyryş, ekologik we durmuş ugurlaryny öz içine alýan halkara standartlaryň berjaý edilmegi, şeýle hem netijeli söwda logistikasy we ulag arabaglanyşygydyr.

Saýmon Endrýus Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyna hem aýratyn üns berdi. Onuň sözlerine görä, Bütindünýä bankynyň toparynyň 2026–2027-nji maliýe ýyllary üçin taýýarlanan resminamasynda sebitleýin we dünýä derejesindäki integrasiýa, ykdysady özgertmeler we bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenýär. Şeýle hem ol IFC-nyň maýa goýum şertlerini gowulandyrmak, şol sanda maýa goýumlarynyň öňündäki päsgelçilikleri azaltmak boýunça özgertmeleri hem goldaýandygyny we ileri tutulýan ugurlary maliýeleşdirilip bilinjek taslamalara öwürmäge ýardam berýändigini hem belledi.

Endrýusyň sözlerine görä, bu netijeleri gazanmak üçin hökümetiň, hususy pudaklaryň we maýa, tejribe hem-de töwekgelçilikleri azaltmak gurallaryny hödürläp bilýän Bütindünýä bankynyň topary ýaly edaralaryň arasynda hyzmatdaşlyk zerurdyr. Ol IFC-niň maýa goýum we maslahat goldawyny bermäge, maýa goýum şertlerini gowulandyrmak we maliýeleşdirilip bilinjek taslamalary ösdürmek boýunça maslahat bermäge, şeýle hem sebitleýin we dünýä tejribesini göz öňünde tutup, tejribe alyşmaga ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022