Ýanwar–sentýabr: Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 8,3 göterim artdy

BT
Ýanwar–sentýabr: Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 8,3 göterim artdy
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, Türkmenistan

Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,3 göterim artyp, şol döwürde bölek satuw haryt dolanyşygy 10,5 göterim ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň netijeleri boýunça habar berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň hasabatyna görä, şu ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 3 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 8,4 göterime, oba hojalygynda 4,1 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy.

2026-njy ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynda jemi öndürilen önüm geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 100,1 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 97,2 göterim ýerine ýetirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet edaralarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary öz wagtynda we doly möçberde maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,5 göterim ýokarlandy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem ol Wise-premýere jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak we ykdysadyýetiň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

2022
ENG TM РУС