Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanda geçiriljek halkara sammitlere gatnaşar

BT
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanda geçiriljek halkara sammitlere gatnaşar
Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkiýan Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde, 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabry, Türkmenistan.

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkiýan şu hepde iki halkara sammite gatnaşmak üçin sapar bilen Türkmenistana geler. Bu barada Eýranyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Ysmaýyl Bagai 4-nji oktýabrda Tähranda geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy diýip, IRNA agentligi habar berýär.

Ysmaýyl Bagainyň aýtmagyna görä, Masud Pezeşkiýan "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň daşky gurşawy boýunça döwlet Baştutanlarynyň sammitine we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine ýörite myhman hökmünde gatnaşar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä,  7-nji oktýabrda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem 8-nji oktýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy, 9-njy oktýabrda bolsa GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler.

Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edip, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini 9-njy oktýabrda Türkmenistanda geçirmek baradaky karar 2025-nji ýylda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň netijeleri boýunça kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС