Türkmenistanyň we Özbegistanyň Strategik Hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary Geňeşi dörediler

BT
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Strategik Hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary Geňeşi dörediler
Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda Strategik hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary Geňeşi döretmek hakynda Şertnama gol çekmek dabarasy, 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabry, Awaza, Türkmenistan. (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça Strategik hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary Geňeşi döretmek hakynda Şertnama gol çekildi. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň başynda Şawkat Mirziýoýew Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi bilen gutlady.

Duşuşykda türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga aýratyn üns berilip, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşini bellediler. Şeýle hem duşuşykda ýylyň başyndan bäri haryt dolanyşygynyň durnukly ösýändigi, “Şawat — Daşoguz” serhetýaka söwda zolagynyň üstünlikli işleýändigi bellenildi.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda özara söwdany birnäçe esse artdyrmaga gönükdirilen çäreleriň Meýilnamasyny hem-de senagat, energetika, ulag, oba we suw hojalygy pudaklarynda, şol sanda iki ýurduň sebitleriniň derejesinde hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny kabul etmegiň möhümdigi bellenildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Strategik hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary Geňeşi döretmek hakynda Şertnama gol çekildi. Bu resminama syýasy dialogy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak we ileri tutulýan ugurlar boýunça amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin esas döredýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022