Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy

BT
Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabry. (Surat: Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Türkmenbaşy şäherinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we syýasy, ykdysady, ulag, üstaşyr, logistika, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Hazar deňzi bilen bagly meseleler we halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklar boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar ýokary derejedäki özara saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini belläp, hususan-da, geçen ýyldan bäri iki ýurduň arasynda ýokary derejede bäş saparyň geçirilendigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji Konsultatiw duşuşygynyň Azerbaýjan bilen sebit döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmekde we özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda möhüm ähmiýete eýedigi aýratyn bellenildi. Şeýle hem Ilham Aliýew bu çäräniň ýokary derejede guralandygyny aýtdy.

Ilham Aliýew geçen ýylyň noýabrynda Azerbaýjanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde kabul edilmegini biragyzdan goldandyklary üçin ýene-de bir gezek Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylaryna minnetdarlygyny bildirdi. Ol bu başlangyjy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürendigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022