Gurbanguly Berdimuhamedow "Arçman" şypahanasynyň täze bejeriş merkeziniň açylyşyna gatnaşdy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow "Arçman" şypahanasynyň täze bejeriş merkeziniň açylyşyna gatnaşdy
Arçman şypahanasy (Surat: Türkmenistanyň saglygy goraýyş ministrligi)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy oktýabrda "Arçman" şypahanasynda täze bejeriş merkeziniň goşmaça binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

"Arçman" şypahanasy Türkmenistanyň esasy bejeriş merkezleriniň biri bolup, bu ýerde saglygyny berkitmek we dynç almak üçin gelýänlere hyzmat edilýär. Şypahananyň bejeriş suwunyň aýratynlyklary bejeriş işlerinde peýdalanylýar.

Şypahanada Türkmen halkynyň Milli Lideriniň tagallalary bilen giň gerimli döwrebaplaşdyryş işlerine badalga berildi. 2009-njy ýylda bu ýerde 400 orunlyk täze bina gurulyp, şypahana 7 kilometr uzaklykdan agyz suwy çekildi, onuň çäginde abadanlaşdyryş işleri geçirildi. Şeýle hem şypahananyň çäklerinde Saglyk ýolunyň çekilmegi onuň melhem suwy bilen bejerişiň sportuň dürli görnüşleri bilen utgaşdyrylmagyny üpjün edýär.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki zaman şypahanalarynyň enjamlaşdyrylyşy we olarda hödürlenýän hyzmatlar ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelýär.

2022